Türkmenistan TDG-niň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisine gatnaşdy

15.03.2025

Türkmenistan Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda geçirilen guramanyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisine gatnaşdy.

12-nji martda geçirilen çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Wengriýanyň Türkiýedäki ilçisi, TDG-niň, TÜRKSOÝ-niň we TÜRKPA-niň Baş sekretarlary hem-de Türki Akademiýasynyň, Türki medeniýet we miras gaznasynyň we Türki maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisiň dowamynda TDG-niň 11-nji sammitiniň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi, TDG-niň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem-de 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň barşynda TDG-ä dahylly halkara guramalaryň ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler boýunça öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. M.Işangulyýew gatnaşanlara Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi we 2025-nji ýylda dialogy ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň binýady bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.