«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýaşlar üçin hünär okuwlary guralýar

21.02.2024

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýaş gämi gurluşykçylary üçin gysga möhletli 2 aýlyk hünär okuwlaryny guraýar.

Gämileri abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji ugurlar boýunça okuwlar Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär. Okuw sapaklary ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýlelik bilen, ýaş gämi gurluşykçylary önümçilige bolan islegini artdyrjak we gämi gurluşyk pudagynyň ösmegine goşant goşjak işleri jikme-jik öwrenýärler.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda zawodyň gämigurluşyk işlerini netijeli ýola goýmakda we milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işler alnyp barylýar.