Türkmenistanyň Prezidenti Kambojanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

07.04.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kamboja Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.