Türkiýe Respublikasynyň wekiliýeti bilen Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirildi

09.04.2025

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkiýäniň Dașary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary ișler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelip, institutyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TBM habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýet türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň alyp barýan iși bilen içgin tanyşdylar.

Soňra wekiliýet institutda hereket edýän Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, Hindi burçy, “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, şeýle-de institutyň okuw studiýasyna aýlandylar.

Türkiýäniň wekiliýetiň bu sapary iki doganlyk halkyň arasyndaky alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetlidir.