10.04.2025
7-8-nji aprelde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminalar babatynda ikitaraplaýyn türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň daşary işler ministriniň Hazar deňzi meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň daşky gurşawy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.