23.02.2024
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz nesihat duşuşygy 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine, türkmen halkynyň Milli Lideriniň — Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Bu ýerde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmakda öňde goýlan maksatlara hem giň orun berildi. Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapýan öwüt-ündewleriň jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala gelmegindäki orny aýratyn bellendi.
Ýokary derejede geçen ähmiýetli çäre çuň many-mazmuna ýugrulan çykyşlara diýseň baý boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ýurdumyzyň partiýalarynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri çykyş etdiler. Täsirli çykyşlar ulag ulgamynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen halkynyň milli ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşykda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüni hem döredijiligini, mizemez ýörelgä öwrülen adamzat ähmiýetli pikirlerini dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen jemlendi.