13.04.2025
Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisinde öz diwarlygyny tanyşdyrar.
Türkmenistan «EXPO — 2025» sergisiniň resmi açylyş dabarasyndan bir gün soň, ýagny 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli gününi bellejek ilkinji ýurtlaryň biri bolar. Bu çäre «EXPO-nyň» «Ray Garden» atly Milli günler zalynda geçiriler.
Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygynyň taslamasy «Belli Creative» dizaýn studiýasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol 3 gatdan ybaratdyr.
Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň öň ýanyndaky günlerde Türkmenistanyň diwarlygy halkara media giňişliginde, aýratyn-da, sosial ulgamlarda uly seslenme döretdi.
Platformada iň halanan diwarlyklar boýunça dürli teswirler beýan edilýär. Olarda aglaba ýurtlaryň sergileriniň, diwarlyklarynyň Ýaponiýada ozaldan ulanylyp gelinýän tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylandygy bellenilýär. Şeýlelikde, iň halanan diwarlyklaryň arasynda 1-nji orunda Türkmenistan, 2-nji orunda Awstriýa, 3-nji orunda Azerbaýjan, 4-nji orunda bolsa Hytaý we Kuweýt bar.