15.04.2025
Don boýundaky Rostow we Stawropol şäherlerinde Türkmenistanyň dokma önümlerini Russiýa eksport etmegi ýola goýmak meselelerine bagyşlanan duşuşyklar geçirildi. 11-nji aprelde Don boýundaky Rostow şäherinde, 14-nji aprelde bolsa Stawropolda geçirilen çärelerde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda Kaka dokma toplumynyň hem-de Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň direktorlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.) «Turkmenportala» habar berdi.
Don boýundaky Rostow şäherinde geçirilen duşuşykda türkmen dokma önümleriniň rus bazaryna eksportyny ösdürmek boýunça esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä Rostow sebitiniň Ykdysady ösüş ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk we daşary ykdysady işler müdirliginiň başlygy Pawel Olegowiç Woýtow, şeýle-de Rostow sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň daşary ykdysady hyzmatdaşlyk we sergi-ýarmarka işleri bölüminiň başlygy Anna Pawlowna Baryşnikowa, telekeçiler we daşary söwda boýunça beýleki hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşykda rus bazaryna Türkmenistanyň dokma önümleriniň eksportynyň möçberini ýokarlandyrmak we netijeli söwda ugurlaryny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Stawropol şäherindäki duşuşyk hem Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine, hususan-da, dokma önümleriniň iberilişini ösdürmäge bagyşlandy. Bu duşuşyga ýokary wezipeli wekiller — Stawropol ülkesiniň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Damir Suzanna Halilýewna, Russiýanyň Eksport merkeziniň Stawropoldaky bölüminiň sebit biznesiniň ösüşi boýunça taslamasynyň ýolbaşçysy Odariç Stanislaw Wiktorowiç, şeýle-de Stawropol ülkesiniň Eksport goldamak merkeziniň başlygy Natalýa Wasilýewna Werozub gatnaşdylar. Türkmenistanyň Russiýadaky Federasiýasyndaky konsuly hem wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyga gatnaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürdi we iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldady. Duşuşykda türkmen dokma önümleriniň Russiýanyň bazaryna üstünlikli çykmagy üçin amatly şertleri döretmek, şeýle-de logistika we gümrük meselelerindäki kynçylyklar boýunça çözgütler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyklar gatnaşyjylara uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we eksport amallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzmäge mümkinçilik berdi.