17.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewanyň we R.Bazarowyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň hem-de degişli diplomynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Şeýle hem ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada hasabat berildi.
R.Bazarow halkara foruma gatnaşan döwletleriň wekillerinden köp sanly teklipleriň gelip gowşandygy barada aýdyp, olarda bu ugur boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly başlangyçlaryň öňe sürülýändigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa iş maslahatynda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän gaznanyň alyp barýan işiniň halkara giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýurduň welaýatlarynda bolup, köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler we lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.