Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary başlandy

24.04.2025

23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy.

Dabaraly ýagdaýda iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkand şäheriniň halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhamany Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.

Samarkand şäherindäki çäreleriň maksatnamasynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Hezreti Hizr toplumyna baryp gördüler we Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany “Silk Road Samarkand” halkara syýahatçylyk merkezinde “Baky şäher” taryhy we etnografik seýilgähiniň çäginde gurnalan medeni çärelere gatnaşdylar diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergiler, senetçilik we amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen tanyşdy. Tans toparlaryň çykyşlaryndan düzülen medeni maksatnama hödürlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistana saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak meselelerine serediler.