26.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran dostlukly saparlarynyň barşynda şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada geçiriljek möhüm halkara çärä — BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyna ünsi çekip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny oňa gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, bu köptaraply meýdança sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyň görkezer. Şeýle hem şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň Awazada öz milli gününi geçirip biljekdigine üns çekildi. TDH-niň ýazmagyna görä, bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna habar berdi.
Wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21 — 24-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. "Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan, Gyrgyz we Özbegistan Respublikalaryna bolan sapary hem muňa şaýatlyk edýär" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu dostlukly döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.