26.04.2025
Ulan-Bator şäherindäki Mongoliýanyň Hökümet binasynda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda ilçi P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidentine hem-de mongol halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Öz gezeginde Mongoliýanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berlişine görä, dabaradan soňra ilçi P.Durdyýew bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhýniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda B.Batmunhiýn ilçini ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.