Türkmenistanyň Prezidenti we Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi sport hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

28.04.2025

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdi we Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Jenap Žoel Buzu Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Myhman bu saparyň örän netijeli geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary, hususan-da, sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.