28.04.2025
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara 27-nji aprelde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.