Türkmenistan we Pakistan TOPH we TOP taslamalaryna möhüm ähmiýet berýär

29.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol Arkadag şäherinde geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň federal ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki ilkinji forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem energetika, ulag we logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle-de Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýandygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu taslamalaryň tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.