30.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag, ilki bilen, täze şäheriň çäklerinde gurulýan döwrebap seýilgähiň şekil taslamasy, onda oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň, oturgyçlaryň we ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow görkezilýän taslamalaryň özboluşly aýratynlyklary we desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi.
Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähiniň kiçi binagärlik görnüşleri, Arkadag şäheriniň metjidiniň derwezesiniň we bu binalar toplumynyň ýerleşiş meýilnamasy, «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri we olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
«Seýilgähiň çägindäki ýodalaryň ýakalarynda oturdylýan yşyk sütünleri, ýoluň ugruny görkezýän şekiller çagalarda özboluşly höwes döretmelidir. Umuman, seýilgähiň dürli görnüşli bagy-bossanlyga bürenmegi we onuň şäheriň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirmegi wajypdyr» diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda birnäçe degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna üns bermelidigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.
«Täze şäheriň metjidiniň gurluşygynda we şol işleriň berjaý edilýän binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklarynda millilige möhüm orun degişli bolmalydyr. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle-de degişli ekologiýa derejesini saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmegi esasy talapdyr» diýip, hajy Arkadag belledi we metjidiň bezeg işlerine, onuň germewleriniň görnüşlerine birnäçe belliklerini aýtdy.