01.05.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär» diýmek bilen, bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň orny aýratyn nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri himiýa senagatyny, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagyny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «BASF», «MAN», «Deutsche Bahn» we «ThyssenKrupp» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Gahryman Arkadag şeýle hem «Siemens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.
Söhbetdeşlikde «ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.
Gahryman Arkadag Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Thyssen Schachtbau GmbH» we «Schachtbau Nordhausen GmbH» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «BASF» kompaniýasynyň tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.