02.05.2025
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerinde alnyp barylýan gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.
Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowa gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boljak bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli halkara maslahatyň geçirilmegi bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ekiljek bag nahallarynyň we bezeg gülleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany täsin şypahana zolagynyň halkara maslahata gatnaşmaga geljek köp sanly daşary ýurt wekiliýetlerinde ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny nygtap, daş-töweregiň abadanlaşdyrylmagy, arassaçylyk işleri, ekiljek bag nahallarynyň we gülleriň bitewi sazlaşygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.