Türkmenistanyň wekili Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy boýunça geçirilen konferensiýada çykyş etdi

06.05.2025

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Ş.Şiriýew 1-nji maýda Duşenbe şäherinde geçirilen «Häzirki zaman global özgerişlikleriň şertinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy: ýagdaýy we geljegi» atly sebit konferensiýasynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ş.Şiriýew öz çykyşynda häzirki zaman wehimleri bilen baglylykda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçdi we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdaky täsirli mehanizm hökmünde aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. Şeýle-de sebitiň çäginde parahatçylykly, durnukly we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Sebit konferensiýasyna sebitiň ýurtlarynyň seljeriş we ylmy barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, Täjigistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Duşenbede akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Forum Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi tarapyndan, Konrad Adenauer adyndaky Gaznanyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliýeti bilen bilelikde guraldy.