28.02.2024
Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Bu sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda pudagara elektron alyşmalar ulgamyny synag esasynda ornaşdyrmaga ýardam etmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Saparyň esasy maksady “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň döwlet hyzmatlaryny sanylaşdyrmakda Gyrgyzystanyň toplan tejribesini öwrenmekden ybart boldy.