12.05.2025
Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. 7-nj maýda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Täjigistanyň sebitleriniň arasynda dürli möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda, esasan, oba hojalygy, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar bu ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler. Bu barada Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Hususan-da, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň ýerine ýetiriji häkimiýeti bilen Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimliginiň arasynda hereket edýän Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Ylalaşyk iki sebitiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmagyň esaslaryny kesgitleýär.
Şeýle-de iki ýurduň kärhanalarynyň we işewürlik wekilleriniň arasynda yzygiderli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we saklamagyň ähmiýeti bellenildi. Hatlon we Mary welaýatlarynda durmuşa geçirilýän häzirki zaman taslamalary barada özara maglumat alyşmagyň we geçirilýän çärelere birek-biregiň gatnaşmagynyň möhümdigi nygtaldy.