Prezident welaýat häkimlerine möwsümleýin işleri öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy

13.05.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň dowam edýändigi, pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada hem aýdyldy.

Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurduň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk we sürüm işleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda azyk bolçulygyny, şeýle hem gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek we otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý ekilen ýerlerinde ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk ekilen bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany howanyň gyzmagy bilen baglylykda tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.