Türkmen-Saud Parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

14.05.2025

12-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmen-Saud Parlamentara dostluk toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurtda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, berkitmegiň, sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda özara garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şonuň ýaly-da, Saud Arabystany Patyşalygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş Maksatnamasy we onda meýilleşdirilen maksatlar bilen tanyşdyryldy. Onuň iki ýurduň arasyndaky dostlukly parlamentara gatnaşyklaryň uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.