17.05.2025
Yslam ýurtlary häzirki zaman Ýüpek ýolunyň görnüşinde bilelikdäki energetika, infrastruktura we ulag ulgamyny döretmek mümkinçiligine eýe. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde şeýle teklip bilen çykyş etdi. Bu barada «Tatar-Inform» ýazýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Yslam ýurtlarynyň Ýewraziýa giňişliginde bilelikdäki energetika, ulag we tehnologiýa zolagyny döretmelidigi baradaky teklibi öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, şeýle taslama harytlaryň we hyzmatlaryň eltilmeginde iň gysga ýollary üpjün eder. Strategik taýdan bu zolagyň dünýä ähmiýetli köpri bolmagyna mümkinçilik bar. Şeýle-de onuň nyrhlaryň peselmegine we ýurtlaryň içindäki ýagdaýlara hem-de Ýewraziýanyň ähli ilatynyň saglygyna oňyn täsir etjekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu taslama arkaly Yslam dünýäsiniň tutuş dünýäniň ykdysady ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülip biljekdigini aýratyn nygtady.