Türkmenistan we Eýran Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň mejlisini geçirdi

29.02.2024

27-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen hökümetara toparyň 15-nji mejlisinde baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.

Mejlis dostlukly ýagdaýda geçip, onuň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.