Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

04.06.2025

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu halkara baýram mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerine – Aşgabatdaky Saglyk ýolunyň ýanyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde uly ruhubelentlikde garşylanyldy. Sungat ussatlary aýdym-sazly kompozisiýalar bilen çykyş etdiler.

Soňra döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip hemmeler ak mermerli Aşgabadyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýörişiň dowamynda ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Welosipedli ýörişiň barşynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurtda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagta gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, onda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welosipedli ýöriş Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehanada tamamlandy.