04.03.2024
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.