02.07.2025
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Marokko Patyşalygynda geçirilen «Marakeş — 2025-nji ýylda Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ýaşlar paýtagty» atly halkara maksatnamasynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Bu maksatnama Yslam hyzmatdaşlygy ýaşlar forumynyň (ICYF) we Marokkonyň Ýaşlar, medeniýet we aragatnaşyk ministrliginiň howandarlygynda, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň Baş sekretariatynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýär. Dabara 50-den gowrak ýurduň wekilleri, ýaşlar syýasatyna jogapkär ministrler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we 200-den gowrak ýaş wekil gatnaşdy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri we Yslam hyzmatdaşlygy ýaşlar forumynyň (ICYF) ýolbaşçylary bilen iki taraplaýyn duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda ýaşlaryň diplomatiýasyny güýçlendirmek, hünär we sanly bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we Türkmenistanyň milli ýaşlar başlangyçlaryny halkara sahnasynda, şol sanda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýaşlar platformasynyň mümkinçiliklerini ösdürmek meselesine gönükdirmek boýunça pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Marakeşiň kongresleri köşgünde geçirilen «Marakeş — 2025-nji ýylda Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ýaşlar paýtagty» maksatnamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Yslam hyzmatdaşlygy ýaşlar forumynyň (ICYF) prezidenti Taha Aýhan öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna işjeň ýaşlar syýasaty üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi we Yslam hyzmatdaşlygy ýaşlar forumynyň (ICYF) sebitdäki ähli başlangyçlary goldamaga taýýardygyny aýtdy.