Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

07.03.2024

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory J.Samuşiýa bilen duşuşyp, bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçi rektory şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Rektor J.Samuşiýa mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtmak bilen, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşant goşjakdygyny aýratyn belledi.