16.07.2025
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýas tarpyndan Aşgabat — Seul— Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýol goýuldy.
14-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Çärä Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň başlygynyň orunbasary Li Ha Ýon, Ýer serişdeleri, infrastruktura we ulag ministrliginiň awiasiýa syýasaty boýunça baş direktory Kim Ýon Kuk, Inçon howa menziliniň korporasiýasynyň işewürliginiň ösüşi boýunça direktory Li San Ýon, «Pacific Air Agency» müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Pak Jon Pil ýaly Koreýa Respublikasynyň ýokary derejeli resmi adamlary, koreý kompaniýalarynyň we KHBS-iň wekilleri, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygynyň orunbasary N.Kakabaýew, Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler göni ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagynyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň ilçisi B.Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.
Çykyşlardan soň gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda ýolagçy gatnawynyň ýola goýlandygyny aňladyp, toý bagyny kesdiler.