2025-nji ýylda talyplaryň 15 müňden gowragy okuwlaryny tamamlady

16.07.2025

2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 297 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 176, magistr maksatnamasy boýunça 24 taýýarlyk ugry hereket edýär. 2025-nji ýylda 10 müňe golaý hünärmen, 4 müň 900-den gowrak bakalawr, 550-ä golaý magistr okuwlaryny tamamlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

2024-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty)», «Pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty)», Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak», «Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk» hünärleri boýunça ilkinji hünärmenler okadylyp başlandy.

Şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa)», Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Halkara söwda», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy», «Howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy» taýýarlyk ugurlary boýunça ilkinji bakalawrlar okuwa kabul edildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Zootehnik», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara arbitraž we işewürlik hukugy», Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Medeniýeti öwreniş» taýýarlyk ugurlary boýunça magistrleriň okuwlary ýola goýuldy.