BMG-niň maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady

04.08.2025

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumynyň açylyşy boldy.

Forum BMG-a agza döwletleriň we BMG-niň guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini, şeýle hem Ýaşlar geňeş toparynyň agzalaryny we beýleki ýaş aktiwistleri öz içine alýan ýaş wekilleri bir ýere jemleýär.

Ýaşlar forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlar bolup, olar ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýaşlaryň geljegiň açarydygyny we batyrgaý çözgütleriň bardygyny nygtaýar.

BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetçiliginden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bu forumyň esasy maksatlarydyr.