Lebap welaýatynda mekdep bazarlarynyň 70-e golaýy işläp başlady

14.08.2025

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. 2025-nji ýylyň awgust aýynyň başyndan welaýat boýunça mekdep bazarlarynyň 67-si işläp başlady. Şolaryň 34-si daýhan bazarlarynyň, 33-si bolsa birleşige degişli dükanlaryň binýadynda hereket edýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ilata has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň dükanlarynda-da okuw esbaplarynyň we lybaslaryň satuwy guralýar.

Mekdep bazarlarynyň her gün irden tä giç öýläne çenli işlemegi alyjylar üçin örän amatlydyr. Gündogar sebitiň etrap-şäherlerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda Türkmenabadyň tikinçilik fabriginde hem-de hususy kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, arzan bahaly harytlar satuwa çykarylýar.

Ilata has-da oňaýly bolmagy üçin bu söwda nokatlary daýhan bazarlarynyň, dükanlaryň binýadynda açyldy. Hususan-da, Türkmenabat şäheriniň merkezi daýhan bazarynyň ýanynda 18, «Lebap» köpugurly söwda bazarynyň we onuň şahamçasynyň binýadynda 4 göçme söwda nokatlary işleýär.

Mekdep bazarlary sentýabr aýynyň 5-ine çenli işlär diýlip, habarda bellenilýär.