2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden geçen üstaşyr ýükleriň möçberi 17 göterim artdy

13.03.2024

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden geçen üstaşyr ýükleriň möçberi 17 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük gullugynyň saýty habar berýär.

Şu ýylyň fewral aýynda hem üstaşyr ýükleriň möçberi artdy. 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterim ýokary boldy.

Gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlagyndan döwrebap enjamlaryň ulanylmagy Türkmenistanyň gümrük geçiş nokatlarynda ulag serişdeleriniň bökdençsiz geçmegini üpjün etmegiň mümkinçilik berýär.

2020-nji ýyldan bäri üstaşyr ýükleriň möçberi 206 göterim artdy. Şunda awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 585 göterim, demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi bolsa 104 göterim ýokarlandy.