“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň “POSTSHOP” onlaýn dükany harytlary eltip berme hyzmatyny hödürleýär

14.03.2024

POSTSHOP internet-platformasynda harytlary onlaýn görnüşinde satyn almak indi has-da amatly boldy.

Hödürlenilýän hyzmatlary kämilleşdirmegiň, olara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň “POSTSHOP” onlaýn dükany harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny ýerleşdirmek we satyn almak mümkinçiligini hödürleýär.

Siz öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykmazdan dürli görnüşli iýmit önümlerini, himiýa, kanselýar harytlaryny, kompýuter enjamlaryny we beýleki zerur harytlary sargyt edip bilersiňiz.

Töleg nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Şeýle hem bu marketpleýs harydy ýurdumyzyň isledik ýerine eltip bermegi guraýar.

Saýtdan başga-da, ulanyjylara amatly bolmagy üçin türkmen we rus dillerinde hereket edýän POSTSHOP mobil goşundysy hem işlenip taýýarlanyldy. Bu programmany Google Play we App Store platformalarynda ýükläp bolýar.

“Türkmenpoçta” kompaniýasynyň harytlary/hyzmatlary satmak we satyn almak hyzmatyndan shop.post.tm resmi saýtynda, şeýle hem POSTSHOP mobil goşundynyň üsti bilen ýa-da +993(65) 72-89-52 telefon belgisi boýunça peýdalanyp bolýar.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Mäti Kösäýew köçesi,16-njy jaý.

Maglumat çeşmesi: orient.tm