Birža söwdalarynda 10 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

15.09.2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen turbalary satyn aldylar.



Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Serbiýanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, jins önümleri, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million 907 müň manatdan gowrak bolan tehniki uglerody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini, ýod erginini satyn aldylar.