Türkmenistanyň wekilleri WorldFood Moscow 2025 sergisine gatnaşarlar

15.09.2025

Türkmen kärhanalarynyň önümleri 16-19-njy sentýabrda Moskwada geçiriljek dünýäniň iň uly azyk önümleriniň sergileriniň biri bolan WorldFood Moscow 2025 forumynda wekilçilik eder - diýip, ussatnews.com habar berýär.

Türkmenistan üç öňdebaryjy kompaniýa tarapyndan wekilçilik ediler: Tibet Türkmen (Balşeker, Kirpi we Kenton brendleri bilen süýjülik önümleriniň öndürijisi), NesilCoffee (Merkezi Aziýanyň iň uly kofe öndürijileriniň biri), Oguz Ýol (Kaka etrabynyň häzirki zaman ýyladyşhanalarynda ter gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kompaniýa).

Sergä gatnaşmak türkmen kompaniýalarynyň täze halkara bazarlaryna çykmaga kömek eder, işewürlik gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer.

Bu ýyl WorldFood Moscow 2025 sergisi 31 ýurtdan 1100-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirer – diýip, çeşmede bellenilýär.