19.09.2025
Baku gämi gurluşyk zawodunda göterijiligi 8 müň tonna bolan nebit guýulýan tankeriň gurluşygyna başlandy. Ol Türkmenistana sowgat hökmünde berler. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «TIF 2025» maýa goýum forumynda eden çykyşynda habar berdi.
Ministriň orunbasary iki ýurduň arasynda gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi. «Azerbaýjanyň Hazar deňzinde iň uly söwda floty bar. Baku gämi gurluşyk zawody ähli görnüşli gämileri öndürip biler» diýip, Alekperow nygtady.
Onuň aýtmagyna görä, bu tankeriň gurluşygy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gämi gurluşygy ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýar.
Ýeri gelende bellesek, «TIF 2025» maýa goýum forumy Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär.