26.09.2025
Indiki aýda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri, dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda bellenilýän baýramlar bilen bagly oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.