30.09.2025
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi pars dili boýunça mugallymyň wezipesine dalaşgärleri kabul edýär.
Işe doly we doly däl iş wagty bilen işlemek isleýän hünärmenler çagyrylýar.
Bu wezipä medeniýet, pars dili we edebiýaty ugurlary boýunça Medeniýet merkezi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary we isleg bildirýän ähli raýatlar gatnaşyp bilerler.
Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar: pars dilinde geplemek we ýazmak ukybynyň ýokary derejede bolmagy, okatmak we öwretmek usulyýetlerini bilmeli, şeýle hem türkmen we rus dillerini erkin bilmelidirler.
Pars dili mugallymy hökmünde iş tejribesi bolan dalaşgärleriň resminamalary garalanda goşmaça artykmaçlyk hökmünde kabul ediler.
Arzalar ýurdumyzyň ähli künjeginden isleg bildirýän raýatlardan kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler pars dilinde el bilen ýazylan jikme-jik terjimehaly, şahsy suraty we bilimi baradaky resminamalaryň nusgalary bilen bilelikde aşakdaky elektron salgy boýunça ibermelidirler: iranculturalconsulate@gmail.com.