Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrükçileri daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirdiler

01.10.2025

15 — 19-njy sentýabr aralygynda Ürgenç şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük statistikasy bölüminiň başlygy ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek maksady bilen guraldy.

Iş duşuşygy 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda Daşkent şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmegiň çäginde geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşykda dürli haryt toparlary üçin import we eksport maglumatlaryny deňeşdirmäge, mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmaga we baha bermäge aýratyn üns berildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda barada özara yzygiderli maglumatlar toplumyny döretmäge mümkinçilik berdi.