04.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň dokuz aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, geçirilmeli çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
«Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly binalardyr desgalar açylyp ulanmaga berildi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.