Türkmenistan we BMGÖM: Sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk

18.03.2024

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekildi. Şunlukda, döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrmak ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Türkmenistanda pudagara elektron aragatnaşygyň ulgamy ornaşdyrylar we munuň doly durmuşa geçirilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdiriler hem-de bu ugurda halkara tejribesi çekiler. Memoranduma gol çekilmegi “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen sanlylaşdyrmak işinde ileri tutulýan milli ugurlaryň durmuşa geçirilmegine itergi berer. Şunuň bilen birlikde, özara düşünişmek baradaky Memorandum BMGÖM-iň sanly ulgamyň global ösüşini çaltlandyrmakdaky tagallalaryna ýardam eder.