Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

08.10.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Gabala şäherinde Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadag Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini, Türkmenistanyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.