Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi

08.10.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenişi ýaly, duşuşykda myhman Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.