Ilham Aliýew Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyryldy

08.10.2025

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Gabala şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, azerbaýjan Lideri Gahryman Arkadagy mähirli mübärekläp, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti hem türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadag şu ýyl Prezident Ilham Aliýew bilen üçünji gezek duşuşýandygyny, 16-17-nji iýulda Azerbaýjana bolan saparynyň, 22-nji awgustda Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Prezident Ilham Aliýewi oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Ilham Aliýew çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hazar boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawlary we ylmy gözlegler ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Hazar deňziniň häzirki ekologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu sammitiň esasy mowzugy hökmünde deňziň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň orta çykarylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has doly derejede durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir. Söhbetdeşler ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.