Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň işewürlik çäresi geçiriler

09.10.2025

30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri» atly giň gerimli işewürlik çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmen maslahatçylar topary» hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.

Germaniýa bilen, senagat kuwwatyny işjeň ösdürýän we maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan, strategik ähmiýete eýe bolan aşakdaky ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär:

Maliýe we bank hyzmatlary;

- saglygy goraýyş we derman senagaty;

- söwda;

- ulag we aragatnaşyk;

- nebit-gaz we nebit himiýa senagaty;

- oba hojalygy;

- dokma we ýeňil senagaty.

Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder.