Katar Döwletiniň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

09.10.2025

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda Katar Döwletiniň ilçisi diplomatik işiniň dowamynda berlen giň goldaw hem-de özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döredilen amatly şertler üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşykda ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň ähmiýeti bellenilip geçildi we hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we özara goldaw bermegiň oňyn tejribesini dowam etdirmek barada hem pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň ornuna aýratyn üns berildi hem-de onuň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň pudagara derejede alnyp barylýandygy bellenildi.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine bolan özara isleglerini hem tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ilçä türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.