Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitine gatnaşýar

10.10.2025

Duşenbede iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitiniň geçirilýän ýeri – Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ýerde döwlet Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk başlandy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşýar.