10.10.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinýär. Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.